

Täzelikler
322

2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen buýsançly şygar astynda rowaç menzillere bat aldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bu şanly ýyla aýratyn öwüşgin çaýyp, çuňňur many-mazmun berýär. Sebäbi ahalteke bedewiniň bady ähli üstünliklerimiziň, belent maksatlara tarap okgunly hereketlerimiziň nyşany bolup durýar. Şol mynasybetli 2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Bedewleriň bagt bolup çapýan mekanynda” atly söhbetdeşligi taýýarlady.
Ýylyň ady – belent maksatlaryň myrady. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Gadam basylan 2026-njy ýylyň şygaryndan ruhlanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, şanly ýylda döredijilikli we netijeli zähmet çekmelidiris diýip, çykyş edenler belläp geçdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti