tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa bilim ulgamynda amaly hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýärler

26.02.2026

445

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa bilim ulgamynda 
amaly hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýärler

London, 2026-njy ýylyň 25-nji fewraly – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Birleşen Patyşalyga amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň, bilimiň hilini üpjün etmek ulgamynda iş alyp barýan guramalaryň hem-de halkara bilim kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklarda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekilçilik etdi.

Iş saparynyň ilkinji gününiň maksatnamasy dünýäniň iň iri medeni-ylmy merkezleriniň biri bolan Britan Muzeýine baryp görmekden başlandy. Bu bolsa bilim hyzmatdaşlygynda ynsanperwer ugruň we akademiki däpleriň taryhy dowamatlylygynyň möhümdigini nygtaýan waka boldy.

Iş saparynyň dowamynda Britaniýanyň meşhur bilim guramalary bolan University College London (Institute of Education), Cambridge, Oxford EMI, Pearson, Quality Assurance Agency for Higher Education (QAA) ýaly guramalaryň wekilleri, şeýle hem halkara mekdepler we global bilim hyzmatdaşlygy ulgamynyň bilermenleri bilen gepleşikler geçirildi.

Ýokary bilimiň ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy

University College London – Bilim institutynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda evidence-based policy (subutnamalara esaslanýan syýasat) ýörelgeleri esasynda bilimi dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, strategik meýilnamalaşdyrmagyň analitik gurallaryny ösdürmek hem-de ýokary derejäniň dolandyryjy işgärlerini taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilim özgertmeleriniň netijeliligine baha bermegiň mehanizmlerini döretmäge we zähmet bazarynyň talaplaryna bilim bermek maksatnamalarynyň sazlaşykly bolmagyna aýratyn üns berildi.

Mekdep bilimi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Cambridge uniwersitetiniň wekilleri bilen geçirilen iş duşuşygynyň çäklerinde halkara öňdebaryjy mekdebiniň britan nusgasy üçin usuly taýdan ugrukdyrmagy hem-de hil üpjünçiligini dowamly üpjün etmegi guramagy öz içine alýan meselelerine içgin garaldy. Bilimiň hökmany we wariantlaýyn düzüm bölekleriniň sazlaşykly barabarlygynyň, okuw ýüküni paýlamagyň, dersleriň ugurlaýyn logikasynyň, okatmagyň garaşylýan netijeleriniň, okatmagyň usulyýetiniň ölçegleriniň, şol sanda sapaklary meýilleşdirmegiň, häzirki zaman bilim çemeleşmelerini ulanmagyň, formatlaýyn we jemleýji bahalandyrmagyň hem-de akademiki ynsaplylyk ýörelgeleriniň berjaý edilmeginiň, mugallymçylyk işgärleri taýýarlamagyň hem-de olary ugrukdyrmagyň nusgasynyň ygtybarlylyklara edilýän talaplaryň, hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, halypaçylygyň, usulyýet birleşikleriniň, sapaklara yzygiderli gözegçiligiň we hünär babatda gaýdym aragatnaşygyň bolmagynyň, baha bermegiň aýdyň görkezijileri hem-de şikaýat etmegiň mehanizmleri bolan giriş synaglaryny guramagyň tertibi, şeýle hem, öz-özüňe baha bermek çärelerini, akademiki hasabatyny, okuwçylaryň ýetişigi we ösüşi baradaky maglumatlaryň seljermesini, garaşsyz bahalandyrmagy we alnan netijeleri bilim çözgütlerine hem-de dolandyryş işlerine düzedişleri girizmek üçin ulanmagy öz içine alýan içerki we daşky hil gözegçiliginiň gurallarynyň göz öňünde tutulmagynda okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar konstruktiw dialogy dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygyň bellenen ugurlaryny mundan beýläk hem içgin işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Iňlis dilinde okatmagy ösdürmek

Oxford EMI guramasynda bolan duşuşygyň dowamynda English-Medium Instruction (EMI) nusgasy boýunça mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Synag taslamasyny soňra onuň netijelerine baha bermek bilen durmuşa geçirmek hem-de netijeliligiň ölçäp bolýan netijeleri gazanylan halatynda ony ýaýbaňlandyrmak meselelesine garaldy.

Halkara derejesinde sertifikatlaşdyrmak we synag infrastrukturasy

Pearson kompaniýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen gepleşikler Türkmenistanda halkara derejesinde sertifikatlaşdyrmagyň häzirki zaman ulgamyny ösdürmäge we synag merkezlerini döretmäge bagyşlandy. Certiport we Pearson VUE ugurlaryny işe girizmek, şeýle hem mekdep derejesinde britan kär derejelerini ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar tehniki talaplaryň we durmuşa geçirmegiň möhletleriniň görkezilmeginde anyk teklipleri taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Halkara derejede akkreditasiýa we hil medeniýeti

QAA guramasynyň wekilleri bilen ESG-niň standartlaryna we olaryň milli gurşawa uýgunlaşdyrylmagyna, akkreditasiýa çäreleriniň yzygiderliligine, resminamalary düzmäge edilýän talaplara, bilim maksatnamalarynyň subutnamalaýyn binýadyna we monitoring ulgamyna, şeýle hem okatmagyň netijelerini hem-de akademiki dolandyryşyň bahalandyrylmagy babatda çemeleşmelere jikme-jik garaldy. Uniwersitetleriň ýolbaşçylary we işgärleri üçin akkreditasiýanyň taýýarlyk tapgyryna tematik webinarlaryň toplumyny we maslahat ugrukdyrmasyny öz içine alýan mümkinçilikleri ýokarlandyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar QAA tarapyndan ýazmaça teklipleri taýýarlamagyny, ilkinji guramaçylyk onlaýn-sessiýanyň geçirilmegini hem-de mundan beýläk alnyp baryljak işleriniň utgaşdyrylmagynyň bilelikdäki mehanizmini döretmegi göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygyň amaly tapgyryna geçmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Wellington halkara mekdepleriniň nusgasyny öwrenmek (International Schools Track)

Halkara mekdepleri we global hyzmatdaşlyk boýunça bilermen Mark Labowiç bilen geçirilen aýratyn duşuşygyň dowamynda halkara mekdepleriň britan nusgasynyň halkara modeliniň işleýşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatlaşmak dolandyryş düzümi, akademiki standartlar we durnukly hili üpjün etmegiň mehanizmleri ýaly meseleleri öz içine aldy. Esasan usulyýet we institusional meselelere: mekdebi dolandyrmagyň düzümine, akademiki we dolandyryş jogapkärçiligiň paýlanyşyna, halkara bilim brendi bilen bilelikde işleşmek modeline we hili uzak möhletleýin ugrukdyrmak ýörelgelerine üns berildi.

Şeýle hem bilim missiýasyny döretmegi, okuw maksatnamalaryna edilýän talaplary, okuwçylaryň gazanan netijelerini bahalandyrmak ulgamyny, içerki monitoringiň mehanizmlerini we halkara standartlaryna laýyklygyň yzygiderli daşky barlaglaryny, şeýle hem pedagoglary seçip almak, synagdan geçirmek we olary hünär babatda ösüşine degişli çemeleşmelerini, durnukly bilim netijelerini üpjün etmekde akademiki liderligiň ornuny öz içine alýan akademiki syýasatyň ölçeg görkezijilerine garaldy.

Iş sapary Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň uzak möhletleýin strategiýasynyň çäklerinde anyk, ölçäp bolýan netijeleri gazanmakdan ugur alýandygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz