

Täzelikler
285

Londonda 25-nji fewralda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Birleşen Patyşalyga iş saparynyň çäklerinde Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri, bilimiň hilini üpjün etmek ulgamyndaky guramalar we halkara bilim kompaniýalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda türkmen tarapyna Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekillik etdi.
Günüň maksatnamasy dünýäniň iň iri medeni-ylmy merkezleriniň biri bolan Wiktoriýa we Albert muzeýine baryp görmek bilen başlandy. Bu bolsa bilim hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer ölçeginiň we akademiki däpleriň taryhy dowamatlylygynyň ähmiýetini nygtady.
Saparyň dowamynda University College London (Institute of Education), Cambridge, Oxford EMI, Pearson, Quality Assurance Agency for Higher Education (QAA) wekilleri, şeýle hem halkara mekdepler we ählumumy bilim hyzmatdaşlygy ulgamyndaky bilermenler bilen gepleşikler geçirildi.
Ýokary bilimiň ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy
University College London-yň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda bilim ulgamyny dolandyrmagy "evidence-based policy" (subutnamalara esaslanýan syýasat) ýörelgeleri esasynda kämilleşdirmek, strategik meýilleşdirişiň seljeriş gurallaryny ösdürmek we ýokary derejeli dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim özgertmeleriniň netijeliligine baha bermek mehanizmlerini kemala getirmäge we okuw maksatnamalaryny zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berildi.
Mekdep bilimi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Cambridge-iň wekilleri bilen geçirilen iş duşuşygynyň çäklerinde britan nusgasyndaky öňdebaryjy halkara mekdep üçin usulyýet goldawyny bermek we hili üpjün etmegiň proses ulgamyny gurmak meselelerine jikme-jik seredildi. Okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kemala getirmegiň usullary (hökmany we saýlama komponentleriň deňagramlylygy, okuw ýüküniň paýlanyşy, ders traýektoriýalarynyň logikasy we garaşylýan okuw netijeleri); okatmagyň usulyýetiniň parametrleri (sapaklary meýilleşdirmek, döwrebap bilim çemeleşmelerini ulanmak, formatiew we jemleýji baha bermek hem-de akademiki akýüreklilik ýörelgelerine eýermek); mugallymçylyk hünärmenlerini taýýarlamagyň we goldamagyň modeli (kompetensiýalara bildirilýän talaplar, hünär kämilleşdiriş, halypaçylyk, usulyýet birleşmeleri, sapaklara yzygiderli gözegçilik we hünär taýdan yzyna berilýän baglanyşyk); aýdyň baha bermek kriteriýalary we şikaýat etmek (appelýasiýa) mehanizmleri bolan giriş synaglaryny guramagyň tertibi; şeýle hem hile içerki we daşarky gözegçilik gurallary (öz-özüňe baha bermek amallary, akademiki hasabatlylyk, ýetişigiň we okuwçylaryň ösüşiniň maglumatlarynyň seljermesi, garaşsyz baha bermek we alnan netijeleri bilim çözgütlerini hem-de dolandyryş proseslerini düzetmek üçin ulanmak) ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygyň bellenen ugurlaryny mundan beýläk-de jikme-jik işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Iňlis dilinde okatmagy ösdürmek
Oxford EMI bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda "English-Medium Instruction" (iňlis dili — okuw dili hökmünde) modeli boýunça mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Pilot taslamany amala aşyrmak, soňra bolsa onuň netijelerine baha bermek we ölçegli netijelilik görkezijilerine ýetilen ýagdaýynda taslamanyň gerimini giňeltmek mümkinçiliklerine seredildi.
Halkara sertifikatlaşdyrma we synag düzümi
Pearson-yň ştab-kwartirasyndaky gepleşikler Türkmenistanda döwrebap halkara sertifikatlaşdyrma ulgamyny ösdürmäge we synag merkezlerini döretmäge bagyşlandy. Certiport we Pearson VUE ugurlaryny ýola goýmak, şeýle hem mekdep segmentinde britan kwalifikasiýalaryny ornaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Taraplar tehniki talaplary we durmuşa geçirmegiň möhletlerini görkezmek bilen anyk teklipleri taýýarlamak barada ylalaşdylar.
Halkara akkreditasiýa we hil medeniýeti
QAA-nyň wekilleri bilen ESG standartlary we olary milli kontekste uýgunlaşdyrmak, akkreditasiýa amallarynyň yzygiderliligi, resminamalara, subutnama binýadyna we bilim maksatnamalaryna gözegçilik ulgamyna bildirilýän talaplar, şeýle hem okuw netijelerine baha bermek we akademiki dolandyryş çemeleşmeleri düýpli öwrenildi. Uniwersitetleriň ýolbaşçylary we işgärleri üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrmak maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri, şol sanda birnäçe tematik webinarlar we akkreditasiýa taýýarlyk tapgyrynda maslahat goldawyny bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň amaly tapgyryna geçmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Bu tapgyr QAA tarapyndan ýazmaça teklibiň taýýarlanmagyny, tanyşdyryş onlaýn-sessiýasynyň geçirilmegini we mundan beýläkki işleri utgaşdyrmagyň bilelikdäki mehanizmini kemala getirmegi göz öňünde tutýar.
Wellington halkara mekdepleriniň modelini öwrenmek (International Schools Track)
Halkara mekdepler we ählumumy hyzmatdaşlyklar boýunça bilermen Mark Labowiç bilen geçirilen başga duşuşykda britan görnüşli halkara mekdepleriň işlemeginiň döwrebap modelleri, şol sanda dolandyryş arhitekturasy, akademiki standartlar we durnukly hili üpjün etmek mehanizmleri maslahatlaşyldy. Esasy üns metodologik we institusional taraplara: mekdebi dolandyrmak gurluşyna, akademiki we dolandyryş jogapkärçiliginiň paýlanyşyna, halkara bilim brendi bilen özara täsirdeşlik modeline we hiliň uzak möhletleýin goldanylmagy ýörelgelerine gönükdirildi.
Şeýle hem akademiki syýasatyň parametrleri, şol sanda bilim missiýasynyň kemala getirilmegi, okuw maksatnamalaryna bildirilýän talaplar, okuwçylaryň ýetişigine baha bermek ulgamy, içerki monitoring mehanizmleri we halkara standartlara laýyklygy yzygiderli daşarky barlagdan geçirmek, şeýle hem mugallymlary saýlap almak, attestasiýadan geçirmek we hünär taýdan ösdürmek çemeleşmeleri hem-de durnukly bilim netijelerini üpjün etmekde akademiki liderligiň orny ýaly meselelere seredildi.
Iş sapary Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösýändigini we onuň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň uzak möhletleýin strategiýasynyň çäklerinde anyk, ölçegli netijelere ýetmäge gönükdirilendigini tassyklady.