tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik jemlendi

28.02.2026

486

Rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik jemlendi

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» («Туркменистан — Родина мира и доверия») atly rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik jemlendi. Bu bäsleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň redaksiýasy yglan edipdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlaryndan we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda zähmet çekýän žurnalistlerden düzülen eminler bäsleşige hödürlenilen işleri seljerdiler. Işlere eminler topary tarapyndan berlen ballaryň esasynda ýeňijiler kesgitlenildi.

Netijede, Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby Şageldi Gylyjow 1-nji orny eýeledi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Kamila Hudaýbergenowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Nurana Annaýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Guwançmyrat Gurbangeldiýew 2-nji, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Mähri Mülkamanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Meňli Çaryýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Lola Seýidowa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Çeşme: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz