

Täzelikler
563

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biologiýa boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçiriler. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli guralar.
Bäsleşik 18-nji martda sagat 14:00-da bellenilen ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda başlanar we ähli gatnaşyjylar wideoşekiller arkaly göni ýaýlymda görkeziler.
Test soraglary botanika dersinden hödürleniler we Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny öz içine alar.
Bu ders bäsleşiginiň geçirilmegi talyplaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, özara ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek, ýaşlaryň biologiýany düýpli we hemmetaraplaýyn öwrenmeklige gyzyklanmasyny artdyrmak, häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan biologik meseleleri, tejribeleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek ýaly maksatlara gönükdirilendir.