

Täzelikler
727

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça onlaýn bäsleşik geçiriler. Ony Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti guraýar.
«Daşary ýurt dillerini öwrenmek paýhaslylyga açylýan gapydyr» ady bilen geçiriljek bäsleşik 27-nji martda sagat 12:00-da başlanar.
Bäsleşige ýurdumyzyň her ýokary okuw mekdebinden üç talyp gatnaşyp biler. Olara jemi 50 soragdan ybarat ýumuşlar berler.