tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

“Talyp gözeli – 2026” gözellik bäsleşigi geçirildi

28.02.2026

889

 “Talyp gözeli – 2026” gözellik bäsleşigi geçirildi

   Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetimizde Halkara zenanlar baýramynyň öňüsyrasynda, talyp gyzlaryň zehin-başarnygyny, ugurtapyjylygyny, ene-mamalarymyzdan miras galan keşdeçilik sungatyny, maşgala durmuşyna taýýarlygyny ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda yglan eden “Talyp gözeli-2026” atly döredijilik bäsleşigi uly şatlyk, şowhun bilen geçirildi.

 “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi.

  Bäsleşigiň birinji şertinde bäsleşige gatnaşýan talyp gözellerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda  türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny açyp görkezdiler.

     Bäsleşigiň ikinji şertinde bolsa bäsleşige gatnaşýan talyp gözellerimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesdiler.

     Bäsleşigimiziň üçünji şertinde “Hünärim bar — hormatym bar” diýen pähimli sözlerden ugur alyp, bäsleşige gatnaşyjy talyp gyzlarymyz özüniniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.

Birinji tapgyrda gözellik bäşleşigine gatnaşyjylar döredijilik ukybyny hem-de zehin başarnyklaryny açyp görkezdiler. Soňra eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň aşpezlik ukybyny gözden geçirdiler. Bu tapgyrda talyp gyzlaryň unaş kesmek boýunça ezberligi seljerildi. Üçünji tapgyrda talyplar keşde çekip, el işinde, keşde çekmekde ukyp başarnyklaryny görkezdiler.

   Uniwersitetde geçirilen “Talyp gözeli-2026” bäsleşigine her fakultetden 1 sany talyp, jemi 5 sany talyp gözeller gatnaşyp, gözellik bäsleşiginiň netijeleri boýunça bäsleşikde baş baýraga Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Innowasion ykdysadyýet taýýarlygynyň ugrunyň 4-nji ýyl talyby Hojanepesowa Aýlar mynasyp bolup, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňiji bolan we tapawutly çykyş eden talyp gyzlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

    Ösüşiň täze gadamlary bilen öňe barýan mukaddes Watan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda giň äleme dolýar. Türkmeniň milli öwüşginli egin-eşiklerini geýnip, uz basyp ýöräp gelýän türkmen zenany gözelligiň nusgasydyr. Çünki türkmeniň ajaýyp keşdeleri, milli şaý-sepleri edepli-ekramly mylaýymzada gelin-gyzlaryň egninde, ajaýyp bir sungat eserini ýatladýar.

Leýlisaç deý sülmüreşip näz edýär,

Türkana, owadan türkmen gyzlary.

Dünýämizi ala bahar, ýaz edýär,

Zeminiň zynaty türkmen gyzlary.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz