

Täzelikler
784

2025-2026-njy okuw ýylynyň meýilnamasy esasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň Kitaphana işi we Kitaphana-maglumat işleri taýýarlyk ugurlary boýunça 1-nji ýyl talyplary 2026-njy ýylyň fewral aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy kitaphanasyndaalnyp barylýan işler bilen tanyşmak boýunça okuw tejribeligini geçdiler. Tanyşlyk işlerini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy kitaphanasynyň hünärmenleri alyp bardylar. Bu ylmy kitaphananyň çäginde 5 sany kitaphana bölümleri hereket edip, olar Türkmen dili we edebiýaty, Hukuk, Geografiýa, Matematika we Taryh fakultetleriniň binalarynda ýerleşýärler.
Tanyşdyryş işleriniň dowamynda talyplar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, kitaphana işiniň täze döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilişi, alnyp barlyşy, ýola goýluşy barada giňişleýin beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda häzirki döwürde kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler has-da kämilleşdirilýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitabynyň “Terbiýäniň çeşmesi – kitap” diýen bölüminde “Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris” diýen sözlerinden hem-de “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyndan” ugur alyp, innowasion kitaphanalary döretmek, kitap goruny döwrebap bilim edebiýaty bilen baýlaşdyrmak, uzak aralykdan peýdalanmak mümkinçiligi bolan elektron kitaphanalar ulgamyny giňden ornaşdyrmak, okuwdan soň kitaphanalaryň gaznalaryny we maglumat binýatlaryny ulanmagy guramak arkaly talyplaryň hünär taýdan üznüksiz kämilleşmegi üçin mümkinçilikleri giňeltmek işleriniň durmuşa geçirilişi barada tejribeli hünärmenler tejribelige gelen talyplara düşündiriş-gözükdiriş işlerini geçirdiler.
Tejribelige gatnaşýan talyplar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, kitaphana işini yzygiderli kämilleşdirmek, kitap okamak, kitap goruny giňeltmek, ýaşlar syýasatyny giňden dabaralandyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny we alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bossan Geldimyradowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň Ylmy kitaphanasynyň 1-nji derejeli usulyýetçisi