tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Dabaraly maslahat geçirildi

26.02.2026

23

Dabaraly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy mynasybetli «Dünýä şöhrat-şan sen, türkmen bedewi» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew ýolbaşçylygyndaky wekiller, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Baý geçmişi bilen ýedi yklyma at-owazasy ýaýylan türkmen bedewleriniň waspy, şöhraty bu gün dillerde dessan. Türkmen halkynyň milli buýsanjy, göz-guwanjy we şan-şöhraty saýylýan ahalteke bedewi ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ösüşiň hem-de rowaçlygyň simwolydyr. Onuň syratynda tebigatyň iň nepis sungaty, ukybynda bolsa sarsmaz gaýratlylyk jemlenendir. Egsilmez güýç-kuwwatyň we wepalylygyň nusgasy bolan türkmen bedewleri biziň diňe bir «ganatymyz» däl, eýsem dowamatymyzyň baky hemrasydyr. Maslahatyň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara sirk festiwallaryna gatnaşyp, gazanan üstünlikleri barada birnäçe gyzykly söhbetdeşlikler geçirildi. Dabaranyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz