tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Dabaraly çäre geçirildi

27.02.2026

437

Dabaraly çäre geçirildi

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň eýwanynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bu bagtyýar diýarda zenanlara sarpa bar!” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda institutyň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň ýürek buýsançlary, baýramçylyk gutlaglary dogrusynda birnäçe söhbetdeşlikler diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz we tans toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe edebi-çeper çykyşlara, aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

              Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

      

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz