

Täzelikler
440

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin guralan gysga möhletleýin okuw üstünlikli tamamlandy. 27-nji fewralda okuwy tamamlan diňleýjilere ýörite şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Okuwa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde işleýän diplomatlar we hünärmenler, şeýle hem döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Ýörite şahadatnamalary diplomatik gullukda köp ýyllap zähmet çeken tejribeli diplomatlar, şeýle hem institutyň professor-mugallymlary gowşurdylar.
Ýaş hünärmenler diplomatik gullugyň işini kämilleşdirmäge berýän goldawlarydyr aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.