tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Ýaşlar Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar

02.03.2026

430

Ýaşlar Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geljekki talyplar üçin «Açyk gapylar» güni geçirildi. Bu çäre ýaşlary döwrebap hünärlere ugrukdyrmak we ýokary okuw mekdebiniň durmuşy bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen guraldy.

Çärä Aşgabat şäheriniň birnäçe umumybilim berýän mekdepleriniň (140-njy, 143-nji we 144-nji mekdepler) okuwçylary hem-de agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Geçirilen çäräniň dowamynda myhmanlar uniwersitetiň ýaş alymlarynyň hem-de talyplarynyň ylmy-taslama işleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Şeýle-de olar okuw mekdebiniň fakultetlerini, baý kitaphanasyny, Haýwanat dünýäsi muzeýini, döwrebap ýyladyşhanalary we tejribe meýdançalaryny aýlanyp gördüler. Esasanam, «John Deere» okuw merkezindäki simulýatorlar we innowasion tehnologiýalar ýaşlarda uly gyzyklanma döredip, olarda saýlap aljak hünärlerine bolan höwesi has-da artdyrdy.

"Bu çäre diňe bir tanyşlyk däl, eýsem ýaşlaryň saýlap aljak hünärine bolan söýgüsini artdyrmakda möhüm ädim boldy".

Gatnaşyjylara okuwa kabul edilmek üçin gerekli resminamalar, täze okuw maksatnamalary we uniwersitetde döredilen maddy-enjamlaýyn binýat barada giňişleýin maglumat berildi.

Çäräniň ahyrynda ýaşlar bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz