tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

«Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşigi geçirildi

25.02.2026

10

«Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşigi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik talyp gyzlaryň zehin-başarnygyny, ugurtapyjylygyny, maksada okgunlylygyny, ruhubelentligini, eziz Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýgüsini hem-de buýsançlylygyny, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy we halkymyzyň köp öwüşginli medeni mirasynyň nepis aýratynlyklaryny kämil bilşini, şol gymmatlyklary ýaş nesillere ýetirmek ukybyny, maşgala durmuşyna taýýarlygyny, gyz maşgala mahsus medeniýetini, ýokary ahlak sypatlaryny we edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen guraldy. 

Talyp gyzlaryň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli – 2026» atly gözellik bäsleşiginiň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň fakultetleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen tapgyrynyň netijeleri boýunça sport fakultetiniň sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýlar Orazmyradowa ýeňiji diýlip yglan edildi we bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Arslan MYRADOW, 

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Ylym bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz