tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Uniwersitetiň talyplary 18-nji ýapon dili suhangöýlük bäsleşigine gatnaşdylar

03.03.2026

245

Uniwersitetiň talyplary 18-nji ýapon dili suhangöýlük bäsleşigine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda 28-nji fewralda geçirilen 18-nji ýapon dili suhangöýlük bäsleşigine gatnaşdy. Bäsleşik Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. Talyplar bäsleşige iki dereje (başlangyç ýapon dili we ýokary derejeli ýapon dili) boýunça gatnaşdylar. Başlangyç dereje ýapon dili tapgyry boýunça talyplara berlen ertekini ýatdan çeper beýan etmeklik tabşyryldy. Bu dereje boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby Islimow Meýlis baýrakly II orna, Tölekowa Gülşat höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýokary derejeli ýapon dili tapgyrynda talyplar erkin temadan ýazan düzmelerini ýatdan çeper beýan etmek, şeýle-de emin agzalar tarapyndan berlen soraglara dogry jogap bermek arkaly bahalandyryldylar. Bu tapgyrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Biotehnologiýa taýýarlygynyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Sähedowa Ogulşeker baýrakly I orna, Filologiýa taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Çaryýewa Jeren baýrakly III orna, şeýle hem Filologiýa taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Babanazarowa Jumasoltan höweslendiriji baýraga mynasyp boldular. Bäsleşikde üstünlik gazanan talyplara ýapon kompaniýalary tarapyndan gymmat bahaly planşetdir smartfon sowgatlary gowşuryldy. Ýokary derejeli ýapon dili tapgyrynda I we II orna eýe bolan talyplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda geçiriljek ýapon dili suhangöýlük bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz