

Täzelikler
239

"FIDE-niň ussady, 20 ýaşly Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň zenanlarynyň küşt täjini özüne gaýtaryp aldy" diýlip, "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşirinde habar berilýär. Bellenilişi ýaly, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby bu üstünlige Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň zenanlar toparynda ýeňiş gazanyp ýetdi.
Geçirilen ýaryşlarda iň güýçli küştçi zenanlaryň 8-si iki aýlawda çempionlyk ugrunda özara bäsleşdiler. Läle Şöhradowa (görkezijisi – 2109) ýaryşy ynamly dowam edip, ýurdumyzyň zenanlar toparynda ýokary derejesini tassyklady. Ol mümkin bolan 14 utukdan 11,5 utuk toplap, ikinji orny eýelän geçen ýylky ýurdumyzyň çempiony, Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jahan Rejepowadan (görkezijisi – 2051) 3,5 utuk öňe saýlandy. Üçünji orna 7,5 utuk bilen Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy, 16 ýaşly Mähri Agamyradowa (görkezijisi – 1926) mynasyp boldy.
Ýeri gelende bellesek, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Läle Şöhradowa 5 ýaşynda küşt oýnap başlady. Eýýäm 9 ýaşynda ol Tailandda geçirilen dünýä birinjiliginde öz ýaşyndaky mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýä çempiony boldy. 12 ýaşynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Batumide geçirilen 2018-nji ýylyň Bütindünýä küşt olimpiadasynda ilkinji gezek çykyş etdi. 14 ýaşynda 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda milli tituly gazandy. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Läle rapid (küştüň çalt oýnalýan görnüşi) boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy, 2023-nji ýylyň fewralynda bolsa zenanlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça ilkinji gezek bu ada mynasyp boldy. Indi bolsa ol Türkmenistanyň iki gezek çempiony!
Mekdep ýyllarynda Türkmenabatda Läle Şöhradowa tälimçi Gülhan Gurbandurdyýewanyň elinde küşt bilen meşgullanan bolsa, häzirki wagtda Aşgabatda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.
2026-njy ýylda ýurdumyzyň çempionatynyň jemleri boýunça ähli ýeňijiler, şeýle hem 7 utuk bilen 4-nji orny eýelän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa (görkezijisi – 1906) Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň düzüminde şu ýylyň sentýabr aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda oýnamaga hukuk gazandylar.
Şeýle-de FIDE-niň iň ýokary görkezijisi boýunça Läläniň dogany, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Leýla Şöhradowa (görkezijisi – 2183) ýygyndy toparyň düzümine girdi. Ol şu ýyl erkekleriň arasyndaky açyk derejede çykyş etmäge mümkinçilik aldy.
Geçirilen çempionatda Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy, 12 ýaşly Dilber Hupbyýewanyň (görkezijisi – 1916) çykyşy aýratyn ünsi çekdi. Ol 6,5 utuk toplap, öňde goýan maksadyna ýetmäge – ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysyna girmäge örän golaý geldi. Ýaş küştçi has tejribeli bäsdeşleri bilen deň derejede oýnap, hakyky kämil we ynamly oýun görkezdi.