

Täzelikler
239

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Gurbannazar Ezizowyň doglan güni mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Ol şahyryň şygryýetiniň muşdaklaryny bir ýere jemledi.
Talyplar bilen duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleri, şeýle-de öň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň mugallymy bolup işlän Baýram Goçmyradow çagyryldy.
Duşuşyga meşhur şahyryň döredijiliginiň uly janköýeri, kompozitor Daňatar Hydyrow hem gatnaşdy.
Duşuşyk mynasybetli konserwatoriýanyň talyplary wokalçy Sahy Allaýarow we pianinoçy Jemşit Akyýew konsert taýýarladylar. Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna kompozitor Daňatar Hydyrowyň döreden aýdymlary, şol sanda «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi» hem-de «Özgeleri diňledim» ýaly eserler ýaňlandy.
Şahyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň edilip, onuň iň gowy görülýän «Serpaý», «Ene», «Gyzlaryma», «Watan» ýaly goşgulary labyzly okaldy. Şol goşgularyň döreýiş taryhy şahyryň durmuşyndaky möhüm wakalar bilen baglanyşdyryldy.
Soňra bu ýerde guralan söhbetdeşlikde talyplar myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler we olara degerli jogaplary aldylar.
Belläp geçsek, şahyr Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda häzirki Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda dünýä inýär. 1975-nji ýylda, 35 ýaşynda aradan çykan bu meşhur şahyr häzirki zaman türkmen edebiýatynyň "ir süýnen ýyldyzlarynyň" biri hasaplanylýar.