

Täzelikler
224

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň ähmiýeti, olaryň dolandyryş işinde tutýan orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa akademiýanyň professor-mugallymlary, diňleýjileri, magistrleri, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahat umumy we iki bölümçedäki mejlisleri öz içine alyp, onda döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň ähmiýeti, olaryň ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda alyp barýan işleri, şeýle çäreleri geljekde hem döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek barada söhbet edildi.
Döwlet gullugy akademiýasy ýokary hünär bilimine eýe bolan ildeşlerimize çuňlaşdyrylan bilim berýän döwlet edarasy bolmak bilen, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda ylmy-usulyýet binýadynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Onda döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça möhleti 5 aýlyk hem-de döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça möhleti 2 ýyllyk okuwlar geçilýär. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda durup geçmek bilen, akademiýany tamamlanlaryň has yhlasly, netijeli işleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny nygtadylar.
Ylmy-amaly maslahatyň «Milli döwlet dolandyrylyşynyň taryhy kökleri», «Sanly ykdysadyýetiň ösüşi döwründe döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň meseleleri» atly bölümlerindäki çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda gol çeken «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň meseleleri hakynda» Karary dogrusynda hem durlup geçildi. Bu resminama bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy hakyndaky Düzgünnamanyň, akademiýanyň gurluşynyň, oňa okuwa kabul etmegiň Tertibiniň tassyklanylmagynyň ähmiýeti nygtalyp, şeýle işlere döwlet Baştutanymyz tarapyndan uly goldaw berilýändigi aýratyn bellenildi.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm