tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGY – BEDEW BATLY ÝOLLARDA

03.03.2026

174

TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGY – BEDEW BATLY ÝOLLARDA

Bedew bady bilen beýik menzilleri nazarlaýan zamanada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanýan Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar. Şunda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ilerleýändigini aýratyn bellemek gerek. Iki ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamynda ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şu nukdaýnazardan, şu gün Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda nobatdaky gezek «Ýapon diliniň suhangöýlik bäsleşigi» geçirildi. Bu bäsleşik ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, giň gerimli maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşmaklary, innowasion başlangyçlaryny we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezdi. Bäsleşige Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sasaki Hiroşi we Ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar.

Iki  tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary ýapon dilinde erteki aýtmak we dürli temalardan çykyş etmek boýunça özleriniň zehinlerini açyp görkezdiler. Birinji tapgyrda gatnaşyjylar “Bagt” atly ýapon ertekini ýatdan aýtmak bilen, ýapon dilinde dürs we düşnükli sözleýşini, intonasiýany we pauzalary dogry ulanyşyny, ýatdan aýdyp bilmek we täsirli çykyş edip bilmek ukybyny görkezdiler. Ikinji tapgyrda bolsa olar erkin temadan taýýarlan düzmeleri esasynda prezentasiýaly çykyş etdiler. Bu tapgyr talyplaryň dil başarnygyny, pikirleniş ukybyny we döredijilik çemeleşmesini doly açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

Eminler topary çykyşlara ýapon dilinde dürs sözleýşine, ses äheňine, grammatik taýdan dogrulygyna, mazmun baýlygyna we şertleriň dogry ýerine ýetirilişine görä adalatly baha berdiler. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan talyplara diplomlar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetiren çykyşlary myhmanlarda özboluşly täsir galdyryp, ýaşlaryň ýapon diline bolan söýgüsiniň beýanyna öwrüldi.

Suhangöýlik bäsleşiginiň ahyrynda dünýäde ählumumy abadançylygy, parahatçylygy, berkararlygy berkitmekde beýik işleri durmuşa geçirýän, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda öňe sürýän başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz