tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Terbiýäniň gözelligi – çeper sözüň gönezligi

03.03.2026

176

Terbiýäniň gözelligi – çeper sözüň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, giň dünýägaraýyşly, bilimli, ylymly, milli ruhly ýaş nesli kemala getirmek, talyp ýaşlaryň çeper edebiýata bolan höweslerini ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek, taryhy şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny ebedileşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli” diýen sözlerinden ugur alyp, ýazyjy-şahyrlarymyz bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik duşuşygynyň esasy maksatlarynyň biri talyp ýaşlara müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli hem-de ylmy taýdan beýan etmek, türkmen edebiýatynyň taryhyny öwretmek, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek we edebiýat meýdanynda ýazyjy-şahyrlaryň, şol sanda edebiýat bilen meşgullanýan türkmen ýaşlarynyň täze neslini kemala getirmek bolup durýar. Ýürekleri döwrümize buýsançdan doly ýaşlarymyz ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinden şygyrlaryny labyzly okadylar. “Şahyr joşa gelse döreder dessan” diýlişi ýaly, şahyrlarymyzyň kalbyndan syzylyp çykan, bedew batly Watanymyzy wasp edýän şygyrlaryna döredilen aýdymlar institutymyzyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde diňlenildi.

Milli edebiýatyň dünýä halklarynyň arasynda örüsiniň giňemegi barada söhbetler edildi. Dünýä dillerini öwrenýän ýaşlaryň terjimeçilik işlerini alyp barmakda halypalaryň maslahatlary örän ähmiýetli boldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Watanymyzyň şan şöhratyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň waspyny ýetirmekde ýazyjy-şahyrlarymyzyň galamynyň ujunyň ýiti bolmagyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar türkmen medeniýetini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmäge, ony gorap saklamaga we dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz