tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

ÝAPON DILINDE GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY SEMINAR GEÇIRILDI

03.03.2026

188

ÝAPON DILINDE GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY SEMINAR GEÇIRILDI

Ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary daşary ýurtlaryň baýry ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan Ylalaşyklaryň we Ähtnamalaryň esasynda öz hünärlerini kämilleşdirýärler. Munuň özi, bilim işgärleriniň okatmagyň döwrebap usullary boýunça özara tejribe alyşmaklary, giň gerimli maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşmaklary, talyp ýaşlaryň bolsa innowasion başlangyçlary we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär.

Döredilýän şeýle mümkinçilikleriň saýasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dilçi mugallymlary hem dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary tarapyndan geçirilýän hünär kämilleşdiriliş okuwlaryna yzygiderli gatnaşýarlar.

Şu nukdaýnazardan, institutymyzyň ýapon dili mugallymlary we talyplary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda bilim ulgamynda alyş-çalyş etmek we hyzmatdaşlygy saklamak hakynda Ylalaşygyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Ynsanperwer ylymlary institutynyň dosenti Hidaka Sinsukeniň “Ýapon diliniň düşümlerini okatmagyň usulyýeti” atly göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren seminaryna gatnaşdylar.

Seminaryň dowamynda Sukuba uniwersitetiniň dosenti Hidaka Sinsuke ýapon dilini öwretmegiň inçe syrlaryny we düşümleriniň aýratynlyklaryny özünde jemleýän maglumatlaryny institutyň mugallymlary bilen paýlaşdy. Şeýle hem talyplar ýapon dilini okatmagyň döwrebap usullary barada sorag-jogap alyşmalara gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny, ýapon dili boýunça bilim derejesini görkezdiler. Institutda zähmet çekýän ýapon dili mugallymy Iwai Ýufunyň belleýşi ýaly, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bu günki gün bilim ulgamynda-da özüniň oňyn netijelerini berýär we ýapon dilini öwrenmäge isleg bildirýän türkmen ýaşlaryň sany gün-günden artýar. Bu bolsa ýurtlaryň arasyndaky ylym-bilim gatnaşyklary ösdürmekde, möhüm başlangyç bolup çykyş edýär.

Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan dilçi ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri çäksizdir.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz