tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

TDÇA-nyň ser­gi­ler ja­ýyn­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni mynasybetli sergi guraldy

04.03.2026

60

TDÇA-nyň ser­gi­ler ja­ýyn­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni mynasybetli sergi guraldy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ser­gi­ler ja­ýyn­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, ze­nan mu­gal­lym­la­ryň we ta­lyp gyz­la­ryň «Sun­gat äle­mi­niň ba­ha­ry» at­ly ser­gi­si açyl­dy. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da ýur­du­my­zyň bel­li sun­ga­ty öw­re­ni­ji­le­ri we su­rat­keş­le­ri çy­kyş edip, ze­nan su­rat­keş­le­riň dö­re­den eser­le­ri­niň çe­per­çi­lik taý­dan gym­ma­ty, öz­bo­luş­ly­ly­gy hak­da bel­läp geç­di­ler.

Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň ha­ly­pa mu­gal­lym­la­ry Dur­sun­sol­maz Mu­ham­me­do­wa, An­na­bi­bi Is­la­mo­wa, ýaş mu­gal­lym­lar Ro­za Aga­ha­no­wa, Mäh­ri­je­mal Gul­la­ýe­wa, Ha­ty­ja Aman­sä­he­do­wa, Ogul­dön­di Baý­ram­gel­di­ýe­wa, Ba­har Pir­gu­ly­ýe­wa, Sa­dap Kur­ba­no­wa, Ak­so­na Sa­par­me­do­wa da­gy sun­ga­tyň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça eser­le­ri dö­re­dip, ola­ryň her bi­ri öz­bo­luş­ly çe­per­çi­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dö­re­di­ji­lik ýo­lu­ny tap­dy­lar.

Ser­gi­niň eks­po­zi­si­ýa­syn­da Ha­ty­ja Aman­sä­he­do­wa­nyň, Ogul­ja­han Ýaz­gu­ly­ýe­wa­nyň, Tu­wak Me­ret­li­ýe­wa­nyň, Gül­na­bat Aşy­ro­wa­nyň, Ma­hym Re­je­bo­wa­nyň eser­le­ri ýerleşdirilip, olardaky gül­le­riň owa­dan şe­kil­le­ri ba­har pas­ly­nyň joş­gun­ly­ly­gy­ny we ru­hu­be­lent­li­gi­ni wasp ed­ýär.

 

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz