tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2026» bäsleşigi geçirildi

04.03.2026

28

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2026» bäsleşigi geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp gyzlaryň arasynda «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşigi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň milli medeniýetimize we däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini, şeýle hem olaryň döredijilik ukyplaryny hem-de asylly gyzlara mahsus bolan ezberliklerini ýüze çykardy.

Gözellik bäsleşigi özüne gyzykly şertleriň üçüsini birleşdirip, gatnaşyjylaryň dürli taraplaýyn ukyplaryny synady. Birinji şertde talyp gyzlar 5 minudyň dowamynda aýdym-saz we döredijilik arkaly türkmen zenanyna goýulýan sarpany beýan eden bolsalar, ikinji şertde «Bereketli türkmen saçagy» kitabyna esaslanyp, 10 minudyň dowamynda unaş kesmek boýunça aşpezlik ukyplaryny we çalasynlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylan jemleýji tapgyrynda bolsa, gyzlar 15 minudyň dowamynda keşde çekmek boýunça özara bäsleşip, türkmen gyzlaryna mahsus bolan el işlerindäki ussatlyklaryny subut etdiler.

Bäsleşigiň netijesinde eminler toparynyň ýokary bahasyna agronomçylyk fakultetiniň agronomçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Amansoltan Orazmämmedowa mynasyp boldy. Ol baş baýraga eýe bolmak bilen bir hatarda, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

«Talyp gözeli — 2026» bäsleşigi talyp gyzlaryň diňe bir gözelligini däl, eýsem olaryň milli gymmatlyklarymyza bolan sarpasyny we zähmetsöýerligini hem görkezýän ajaýyp baýramçylyk çäresine öwrüldi.

Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz