tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersitetiniň wise-rektory bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

04.03.2026

27

Türkmen diplomaty rumyn uniwersitetiniň wise-rektory bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew 3-nji martda Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň wise-rektory Teodor Ioan Treske bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamyndaky türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň oňyn hem-de dostlukly häsiýetini bellediler. Şeýle-de hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň arasynda öň ýola goýlan özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki akademiki we hünärmenler çärelerini guramak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda 2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi bellenilip, muňa laýyklykda mowzuklaýyn çäreleri, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gatnaşmagynda geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz