tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili Wenada IAEA-nyň halkara okuw maslahatyna gatnaşdy

04.03.2026

51

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili Wenada IAEA-nyň halkara okuw maslahatyna gatnaşdy

22 — 28-nji fewral aralygynda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) tarapyndan ýörite giriş okuw maslahaty geçirildi. Wena halkara merkezinde guralan bu çäre Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň täze hyzmatdaşlary, milli aragatnaşyk ýolbaşçylary we kömekçileri üçin niýetlendi.

Halkara maslahatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine wekilçilik edildi. Bu çärä okuw mekdebiniň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy Kadyr Amanow gatnaşyp, ol IAEA-nyň taslamalary dolandyrmak, maliýeleşdirmek we hasabatlylyk ulgamlary boýunça tejribe toplady.

Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylara IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gurluşy we iş ýörelgeleri barada jikme-jik maglumat berildi. Esasan-da, halkara taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm bolan «InTouch+» we beýleki sanly maglumat ulgamlaryny ulanmagyň aýratynlyklaryna üns çekildi.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde dürli ýurtlaryň wekilleri bilen özara tejribe alşyldy. Duşuşyklarda geljekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri we taslamalaryň monitoring ulgamyny kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu halkara çäräniň netijeleri Türkmen oba hojalyk uniwersiteti üçin uly ähmiýete eýedir. Okuw maslahaty uniwersitetiň halkara taslamalara gatnaşygyny has-da işjeňleşdirmäge, taslama dolandyryşynda dünýä tejribesini ulanmaga we halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berdi.

Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz