

Täzelikler
39

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çäginde taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň jemleýji umumydöwlet tapgyry 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda welaýat (Aşgabat, Arkadag şäher) tapgyrlarynda her okuw dersinden (ene dili we edebiýat, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, ekologiýa, biologiýa, himiýa, matematika, fizika, informatika) we robototehnikadan 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan 245 sany iş bilen 401 okuwçy gatnaşdy. Taslama işi bir ýa-da iki okuwçy tarapyndan bir mekdebiň degişli synp okuwçylary tarapyndan ýerine ýetirilip bilinýär.
Taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň jemleýji umumydöwlet tapgyrynda eminler topary tarapyndan işleriň ylmylygy, täzeçilligi, durmuşda ulanmak mümkinçilikleri we okuwçylaryň bu işleri gorap biliş ukyplary nazara alnyp, her okuw derslerinden we robototehnikadan ýeňiji bolan işleriň 3-si (I orun – 1 sany, II orun – 1 sany, III orun – 1 sany) kesgitlenilýär.
Bäsleşigiň hemme tapgyrlarynda matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa okuw dersleri boýunça takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylary adaty orta mekdeplerden aýratynlykda bäsleşdiler (ýagny adaty mekdepleriň matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa okuw dersleri boýunça taslama iş bilen çykyş edýän okuwçylara aýratynlykda orun berilýär).
Ene dili we edebiýat, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, ekologiýa okuw derslerinden hem-de robototehnikadan adaty we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylary bilelikde bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi