

Täzelikler
171

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň barlaghanasynda «Galkynyş» gaz käninden alynýan adaty kükürtden boýag serişdelerini almak babatda barlaghana synaglary geçirildi. Netijede, adaty kükürtden kükürt turşusy alyndy. Kükürt turşusynyň alýuminiý bilen himiki baglanyşdyrylmagynyň netijesinde, alýuminiý sulfaty emele geldi. Soňra alýuminiý sulfatyna gips, hek we başga-da dürli goşundylar garylyp, boýag we ýelimleýji serişdeler alyndy.
Uniwersitetiň talyby Maral Gullyýewanyň «Kükürtden boýag serişdesini almagyň usuly» atly ylmy işiniň täzeligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan oýlap tapyş hökmünde bellige alyndy.
Ylmy täzelik bolan bu boýag serişdesi oda çydamly we zaýalanmaýan häsiýetli hem-de antiseptik, ýagny onda hiç hili zyýanly mikrojanly organizmler ösmeýär. Janly organizmlere, daşky howa we toprak gurşawyna zyýansyz, ýagny alýuminiý sulfatyna E520 belgili iýmit serişdesi hökmünde seredilýär. Degişli boýag we ýelimleýji serişdeleri ýasamak ykdysady taýdan örän amatly, esasan, ony ýasamak üçin çylşyrymly tehnologiýalar talap edilmeýär. Munuň özi kükürtwodorodly gaz känlerinde gaz bilen bilelikde gelýän kükürdi gaýtadan işlemekde goşmaça desgalary gurmak bilen, Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagatynyň ösmegine güýçli täsir edip biljek dürli boýaglary, ýelimleýji serişdeleri öndürmek mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär. Degişli boýag we ýelimleýji serişdeleri halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, ýagny gurluşyk-abatlaýyş işlerinde hem-de kagyz, deri, tekstil we şuňa meňzeş önümçilik ugurlarynda ulanmak mümkinçiligi bar.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti