tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmenistanda «Talyp gözeli — 2026» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

05.03.2026

223

Türkmenistanda «Talyp gözeli — 2026» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

4-nji martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrlarynda zehini, ukyp-başarnygy bilen has tapawutlanmagy başaran talyp gyzlaryň 24-si gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşyjylar üç şert boýunça özleriniň döredijilik zehinini, aşpezlik ukyplaryny we hünär başarnyklaryny görkezdiler.

Gözellik bäsleşiginde eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýjan Baýramowa mynasyp boldy. 1-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Güljeren Meläýewa, 2-nji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýgül Kakaýewa hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Merjen Töräýewa, 3-nji orna bolsa, degişlilikde, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Amansoltan Orazmämmedowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Läle Gylyçdurdyýewa, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Aýlar Muhammedowa dagy mynasyp boldy.

Baýrakly orunlara mynasyp bolan we bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara guraýjylar tarapyndan sowgatlar hem-de Hormat haty gowşuryldy.

 

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz