

Täzelikler
111

Kitap bilimleriň çeşmesidir. Hut şu nukdaýnazardan hem, geçmişden şu güne çenli bu gymmatlygy okamak we öwrenmek, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy hakynda alada etmek asylly ýörelgä öwrülipdir. Türkmen halky ylym-bilime, kitaba uly gyzyklanma bilen garapdyr, ýaş nesli şeýle asylly ýörelgeler bilen terbiýeläpdir.
Kitap – ylym we bilim bilen üznüksiz bagly bolan çeşme, olar adamzadyň ösüşiniň esasyny düzmek bilen islendik döwletiň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurdumyzda geçirilýän işleriň uludygyny bellemek gerek.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerde kitap okamaga söýgi döretmek baradaky beýik başlangyjy esasynda hem-de «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň bilim edaralarynyň kitaphanalarynda milli senenamamyzdaky baýramçylyklary mynasyp garşylamak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny wagyz-nesihat etmek boýunça meýilnamalaýyn işler guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem ýaşlary watançylyk, milli ýörelgelere ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan kitaplary wagyz etmek boýunça guralýan işleriň has täsirli we netijeli bolmagyny gazanyp, döwrebap edebi çäreler geçirilýär, olar ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli şöhlelendirilýär.
Ýaňy-ýakynda, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäheriniň orta mekdepleriniň kitaphanaçylaryny Lebap welaýat kitaphanasynyň işi bilen tanyşdyrmak üçin ýörite tejribe sapagy guraldy. Bu tejribe sapagynda welaýat kitaphanasynyň işgärleri döwrebap kitap sergilerini guramagyň, şanly senelere we baýramçylyklara bagyşlanan çäreleri geçirmegiň usulyýeti boýunça birnäçe gymmatly maslahatlary berdiler. Mekdep kitaphanaçylary welaýat kitaphanasynyň sergi zallaryna aýlanyp, baý mazmunly, döwrebap guralan sergileri synladylar. Olar tejribe sapagynyň dowamynda berlen usuly maslahatlary öz işlerinde peýdalanyp, kitaplary wagyz etmek, ýaşlarda kitap okamaga bolan höwesi ösdürmek boýunça geçirilmeli çäreler barada özara pikir alyşdylar, maslahatlaşdylar. Mekdep kitaphanaçylarymyz “Türkmen gündogary” welaýat gazetiniň sahypalarynda yzygiderli çykyş edip, öz iş tejribelerini ýaýbaňlandyrýarlar.
Ösüp gelýän neslimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentim Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolup, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.
Ygtyýar Artykow,
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni.