tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk instituty

Ösüşleriň aýdyň ýoly

06.03.2026

98

Ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ArkadaglyGahryman Serdarymyz eziz Watanymyzda amala aşyrýan belent maksatly işleri halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilip röwşen geljegini binýadyny berkitmekden ybaratdyr.

Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesine eýerip ýola goýan beýik başlangyçlary, bu gün mähriban Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen nurana taglymatynyň esasynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Ajaýyp zamanamyzyň her bir ýyly üstünliklere beslenip, täze taryhymyzyň altyn sahypalary bolup ýazylýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Parasatly baştutanlygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-yldysady taýdan ösdürmeginiň” Milli maksatnamasy, şeýle hem anyk döwürler üçin “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň” we 2028-nji ýyla çenli rejelenen görnüşde kabul edilen Oba milli maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bular dogrysynda üstümizdäki ýylyň 13-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bolup geçen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde jikme-jik beýan edildi. Geçen ýylyň jemleri jemlenende we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýip yglan edilen ýylymyzda öňde duran wezipeler kesgitlenildi

Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda bäsleşik yglan edilýär. Oňa laýyklykda ajaýyp zamanamyzda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllaryndadurmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady, medeni ugurlarda gowy netijeleriniň gazanmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegi höweslendirilýär.

Hökümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça, ähli görkezijileri boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýip yglan edildi we Köneürgenç etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy.

Ýeri gelende bellesek, etrabyň ykdysadyýeti, oba hojalyk, gurluşyk, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary depginli ösdürilýär.

Bu ýerde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary guruldy we bu ugurdaky işleriň depgini has-da güýçlendirilýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Köneürgenjiň baý taryhy, dünýä derejesinde ykrar edilen arheologik we binagärlik sungaty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi Köneürgenjiň öz döwründe hakykatdan hem baý taryhynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Biz hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary, bagtyýar talyplary şol gymmatly binagärlik ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenip okuwlarymyzda peýdalanýarys.

Biz, pursatdan peýdalanyp Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ähli ilatyny bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!        

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz