

Täzelikler
103

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow 4-nji martda Saken Seýfullin adyndaky Gazak Agrotehniki barlag uniwersitetiniň Dolandyryş geňeşiniň başlygy – rektory Kanat Tireuow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler boýunça hem pikir alşyldy.
Türkmen ilçisi bu ýokary okuw mekdebinde okaýan türkmen talyplary, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi üçin leksiýa bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, ýaşlar syýasaty babatda durmuşa geçirilýän çäreleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaş nesliň öňünde goýan möhüm wezipelerini giňişleýin beýan etdi. Diplomat 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny giňden bellemek boýunça meýilnamalar barada hem aýdyp geçdi.
Çykyşynyň dowamynda ilçi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabyny tanyşdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen diplomaty talyplaryň okuwda we sportda gazanýan üstünlikleri bilen gyzyklandy. Talyplar bolsa özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermäge mümkinçilik aldylar.