tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ekologiýa bäsleşiginiň birinji tapgyry jemlendi

06.03.2026

87

Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ekologiýa bäsleşiginiň birinji tapgyry jemlendi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Bilim ministrligi tarapyndan guralan Ekologiýa bäsleşiginiň onlaýn tapgyry tamamlandy. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýokary synp okuwçylary uly höwes bilen gatnaşdylar.

Çäräniň esasy maksady ýaşlaryň ekologiýa bilimini ösdürmekden we zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Birinji tapgyryň netijeleri boýunça iň oňat taýýarlyk gören 40 sany okuwçy indiki tapgyra geçmegi başardy.

Bäsleşigiň ikinji tapgyryna geçen okuwçylar özleriniň ylmy-taslamalaryny we tanyşdyryş (PPT) faýllaryny taýýarlamalydyrlar. Taýýar bolan işler 2026-njy ýylyň 21-nji martyna çenli uniwersitetiň elektron salgysyna (tm.tau.2022@gmail.com) ugradylmalydyr.

Işlere uniwersitetiň professor-mugallymlaryndan we welaýatlardan gelen hünärmenlerden ybarat bolan ýörite eminler topary baha berer.

Bäsleşigiň final tapgyry 2026-njy ýylyň 26-njy martynda sagat 10:00-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriler. Bu bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy 27-nji martda bolar.

Habarlaşmak üçin:

Tel: +99365633644, +99363966901

E-mail: tm.tau.2022@gmail.com

Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz