tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde zenanlar sarpalandy

06.03.2026

81

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde zenanlar sarpalandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 5-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi boldy. Dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryna hem-de talyp gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çykyş edenler halkara baýramyň milli senenamamyzda möhüm orun tutýandygyny belläp, zenanlaryň jemgyýetimiziň jebisleşmegindäki ornuny nygtadylar. Uniwersitetiň işine we abraýyna goşýan goşantlary üçin zähmet çekýän hem-de bilim alýan gelin-gyzlara aýratyn minnetdarlyk bildirildi.

Dabarada döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan getirilýän gymmatly nesihatlara hem üns çekildi. Ýokary okuw mekdebiniň zenanlar guramasynyň, şol sanda dokma önümçiligi fakultetiniň «Dokmaçylar» gurnagynyň alyp barýan işleriniň ýaş nesli terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Baýramçylyk dabarasy sungat ussatlarynyň we talyp ýaşlaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Çärede ene mähri, zenan gözelligi wasp edilip, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz