tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

TÜRKMENISTANYŇ IŇLIS DIL BILIMI HALKARA GIŇIŞLIKDE

06.03.2026

136

TÜRKMENISTANYŇ IŇLIS DIL BILIMI HALKARA GIŇIŞLIKDE

2026-njy ýylyň 5-7-nji marty aralygynda Daşkent şäheriniň “Wyndham” myhmanhanasynda sebitdäki iňlis dili özgertmelerini täze basgançaga çykaran “Iňlis dili we inklýuziwlik boýunça hyzmatdaşlyk sammiti” geçirildi. Beýik Britaniýanyň hökümetiniň halkara ösüş (UK International Development) gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilen “Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy çaltlandyrmak” (AELLCA) maksatnamasynyň çäginde guralan bu forum, iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamakda (PRESETT) dünýä derejeli tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirildi. Bu strategik çärä Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.

Maksatnama laýyklykda, 5-nji martda sammit öz işine başlady. Onuň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri Beýik Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersiteti bilen bilelikde amala aşyrylan “Mugallymlary taýýarlamakda inklýuziw tejribeleri ornaşdyrmak” atly taslamanyň netijelerini halkara jemgyýetçiligine tanyşdyrdylar. Bu hyzmatdaşlyk esasan Türkmenistanda mugallymçylyk tejribeligini kämilleşdirmegi we okuw gurşawyny has inklýuziw hem-de döwrebap ýagdaýa getirmegi öz içine aldy. Türkmen hünärmenleri diňe bir tanyşdyryş bilen çäklenmän, eýsem sebitdäki beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bilelikde okuw meýilnamalarynyň we edara dolandyryşynyň üýtgeşmeleri boýunça ýöriteleşdirilen maslahatlara hem işjeň gatnaşdylar.

Şunuň bilen bir hatarda, olar sammitiň dowamynda Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde Merkezi Aziýa üçin umumy bolan bilim bökdençliklerini ýeňip geçmegiň ýollary boýunça özara tejribe alyşdylar. Maslahatyň barşynda türkmen hünärmenleri mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda (CPD) durnuklylygy üpjün etmek we bilim edaralarynda durnukly üýtgeşmeleri amala aşyrmak boýunça ýöriteleşdirilen toparlaýyn çekişmelere goşuldylar. Şeýle hem, türkmen wekilleri sebitdäki gender deňligini we inklýuziwligi saklamak boýunça panele gatnaşyp, ýurdumyzda iňlis dilini okatmagyň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegiň ýollaryny seljerdiler.

Mundan başga-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Nottingham Trent uniwersiteti bilen bilelikde geljekki başlangyçlar boýunça birnäçe anyk teklipler beýan edildi. Hususan-da, olaryň hatarynda üznüksiz hünär ösüşini (CPD) giňeltmek, AELLCA maksatnamasynyň goldawy bilen PRESETT we INSETT mugallymlaryny birleşdirýän hemişelik Mugallymlar merkezini (Teachers’ Hub) döretmek, ýokary okuw mekdebimiz bilen Beýik Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde Halkara onlaýn hyzmatdaşlyk arkaly bilelikdäki okuw (COIL – Collaborative Online International Learning) taslamalaryny, wirtual seminarlary we akademiki alyş-çalyşlary guramak, PRESETT biliminde inklýuziw okuw meýilnamasyny ösdürmek, institutyň mugallymlary üçin inklýuziw okatmagyň usullary boýunça ýörite okuwlary geçirmek ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Özbegistan Respublikasynda ýokary derejede geçirilen bu sammit iňlis dili boýunça milli özgertmeleri we halkaralaşma işlerini goldamagy, hyzmatdaşlyk taslamalarynyň gazanan üstünliklerini görkezmegi, mugallymlary taýýarlamakda we inklýuziwligi ornaşdyrmakda iň gowy tejribeleri paýlaşmagy, şeýle-de gender deňligi boýunça dialogy gurap, hyzmatdaşlygyň durnuklylyk strategiýasyny işläp düzmegi maksat edindi. Bu halkara çäre Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşýandygyny, türkmen mugallymlarynyň bolsa dünýä derejeli hünärmenler hökmünde ykrar edilýändigini ýene bir gezek subut etdi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz