tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI PUL SOWGATLARYNY GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

07.03.2026

35

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINDE HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI PUL SOWGATLARYNY GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 5-nji martda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde mugallymlara we talyp gyzlara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz  uniwersitetinde 5-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi boldy. Dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryna hem-de talyp gyzlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň has-da ýokarlanýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz