

Täzelikler
33

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin melisinde “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisan – bedew batly at-myradyň mekany” atly 2026-njy ýylyň şygary bilen baglanyşykly “Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, berkarar döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip belledi.
2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň dabaraly bellenjek ýylynda öňe sürülen wezipeleriň ýurdumyzyň geljegi üçin örän ähmiýetlidigi, halkara energetika howpsuzlugy we durnukly ösüşi barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde syýasy söhbetdeşlik taýýarlap tomaşaçylara hödürledi. Çykyşlarda ählumumy howpsuzlyk meseleleri hem-de bu ýerde energetika howpsuzlygynyň aýratyn ähmiýeti, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi, onuň halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde orny dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, adamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç balmagyny arzuw etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti