tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

ENE MUKADDESLIGI – TERBIÝE MEKDEBI

07.03.2026

710

ENE MUKADDESLIGI – TERBIÝE MEKDEBI

Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgelerini, maşgala mukaddesligini we ene sarpasyny dabaralandyrmak bilim ulgamynyň işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölümi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitaby boýunça etrap bilim bölümine degişli orta mekdepleriň zenan mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady – Gahryman Arkadagymyzyň pähim – paýhasyndan kemal tapan bu gymmatly eseriň mazmunyny bilim-terbiýeçilikedaralarynda giňden wagyz etmekden, kitapdaky berilýän maglumatlary ýatdan bilmekden, gaýta-gaýta okap manylaryna çuňňur düşünip kitap okamaklyk endiklerini ösdürmekden, türkmen zenanlarynyň ýaşlaryň durmuşynda ýolgörkeziji bolmagyny, olarda watançylyk, Watana bolan söýgüni has-da artdyrmakdan, zenan ýaşlary ene-mamalarymyzdan miras galan asylly ýörelgeleriň ruhunda terbiýelemekligiň giň nusgasyny ýaýmakdan ybarat boldy. Bäsleşigiň dowamynda bilim işgärleriniň arasyndakitabyň bölümleri boýunça bilim synagy geçirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, onuň el hünäri we asylly maşgala ýörelgeleri baradaky sowallara döredijilikli jogap berdiler. Aýratyn hem, mugallymlaryň we terbiýeçileriň işlerine nähili ornaşdyrmalydygy baradaky täzeçe usulyýet çemeleşmeleri eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ahyrynda aýratyn tapawutlanan zenan bilim işgärleri, ýagny etrabyň 6-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy Aýsere Nyýazmyradowa 1-nji orna, 17-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy Towy Şallyýewa 2-nji orna, 4-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Ogulnar Nyýazmyradowa 3-nji orna mynasyp boldular we tapawutlanan bu zenan bilim işgärlerine etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölümi tarapyndan geçirilen bu bäsleşik Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren pähim-paýhas hazynasynyň bilim işgärleri üçin iň uly gollanmadygyny, enelerimiziň mukaddesliginiň bolsa nesilleriň kalbynda ebedi ýaşajakdygyny ýene bir gezek dabaralandyrdy.

Gülbahar Ussaýewa,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz