tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

DÜNÝÄNIŇ GÜNEŞI MÄHREM ENELER

07.03.2026

718

DÜNÝÄNIŇ GÜNEŞI MÄHREM ENELER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň zenanlaryna uly sarpa goýulýar. Biziň asuda Watanymyzda Halkara zenanlar güni bolan 8-nji Mart baýramy döwlet derejesinde dabaraly ýagdaýda giňden bellenilip geçilýär. Türkmen halkynda “Ene – mukaddesdir” diýen düşünje bar. Bu baýramda ähli adamlar öz mähriban käbesini, uýasyny, umuman, maşgaladaky zenanlary gutlaýarlar.

Aşgabat şäheriniň Ýunus Emre adyndaky 47-nji orta mekdebinde hem Halkara zenanlar baýramy mynasybetli “Dünýäniň güneşi mährem eneler” atly dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabaranyň öň ýanynda mekdep kitaphanasynyň işjeň topary bilen döredijilik çäresi hem geçirildi. Eli hünärli okuwçylarymyz mähriban käbelerine, mährem mugallymlaryna baýramçylyklaryny gutlap sowgat bermek üçin täsin gülleri, şekilli sowgatlyklary taýýarladylar. Iş pursadynyň dowamynda bolsa söýgüli şahyrlarymyzyň bahar baýramyna, mähriban enelere bagyşlanan goşgularyny labyzly okadylar:         

Eneler durmuşyň ýagty çyragy,

Misli Aý-Gün bolup nurun saçýandyr,

Eziz balasyna ak ýol arzuwlap,

Durmuş älemine giň ýol açýandyr

Ak süýt berip ýagty dünýä getiren,

Adam edip şu günlere ýetiren,

Gijelerine ýatman daňyn atyran,

Uzak bolsun ýaşyň mähriban eje.

Näzik Atamyradowa,

 Aşgabat şäheriniň Ýunus Emre adyndaky

47-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz