tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

DÜNÝÄNIŇ ÝARAŞYGY SIZ GÖZELLER!

07.03.2026

742

DÜNÝÄNIŇ ÝARAŞYGY SIZ GÖZELLER!

Dünýäniň durky, durmuşyň görki bolan mähriban zenanlar berkarar Watanymyzda uly hormatdan peýdalanýarlar. Ajaýyp zamanamyzda ýurdymyzyň her bir raýaty bilen bilelikde zenanlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklary, maşgalada çaga terbiýesi bilen meşgullanmaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin döwlet derejesinde uly alada edilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan her ýyl ýurdymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli mähriban ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň döwlet derejesinde gutlanylmagy däbe öwrüldi. Şonuň üçin bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdymyzyň bagtyýar zenanlary has-da üýtgeşik ýakymly duýgulary başdan geçirýärler.

Mekdep kitaphanaçylary her bir şanly senelerimiz mynasybetli mekdep okuwçylary bilen aýdym-saza beslenen medeni çäreleri geçirip durýar. Bu çäräleriň esasy bezegi döwrebap kitap sergileri bolup, bu sergilerde bellenilýän baýramçylygyň mazmuny bilen baglanyşykly kitaplar wagyz edilýär. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda bellenip geçilýän Halkara zenanlar güni mynabetli Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň kitaphanasynda geçirilen aýdym-sazly dabara “Dünýäniň ýaraşygy Siz gözeller!” diýlip atlandyryldy. Bu dabaranyň kitap sergisinde esasy orny Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eseri eýeledi. Şeýle-de, sünnälenip edilen el işleriniň sergisi gelin-gyzlarymyzyň nepis sungatynyň waspyny beýan etdi. Türkmen zenanlarynyň el hünäri sungat derejesine göterilen nusgalyk bolup, bütin dünýä meşhurdyr.

Dabaraly çäräniň dowamynda çykyş eden okuwçylar bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenip geçilýän Halkara zenanlar günini ene mukaddesligine, bahar paslyna deňelýän gelin-gyzlarymyza bagyşlanan goşgulary labyzly okap, hoş owazly aýdymlar bilen gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutladylar. Zehinli çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet berdi.

Zenanlaryň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmekde ähli şertleri döredip berýän, maşgala abadançylygy we nesil bagtyýarlygy barada bimöçber aladalary edýän, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.

Jemal Baýramdurdyýewa,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň 3-nji orta

mekdebiniň kitaphanaçysy.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz