
Täzelikler
281

2026-njy ýylyň mart aýynyň 5-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan mugallymlara, işgärlere we talyp gelin-gyzlara Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy geçirilidi. Dabaranyň dowamynda institutyň ýolbaşçylary tarapyndan birnäçe gutlag sözleri aýdyldy. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan zenanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleri baradaky edilýän irginsiz aladalar üçin çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty