
Täzelikler
328

2026-njy ýylyň mart aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda talyp gelin-gyzlaryň arasynda «Gyz edebi – ahlak gözelligi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Mary welaýat Zenanlar guramasynyň wekilleri, institutyň zenan mugallymlary we talyp gelin-gyzlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaşlara maşgala mukaddesligi, nesil terbiýesi, nika bozulmalaryň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýaramaz endikleriň adama ýetirýän täsirleri we milli ahlak ýörelgelerini düşündirýän birnäçe çykyşlar diňlenildi. Çykyşyň dowamynda institutynyň Ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan talyp gelin-gyzlaryň arasynda «Gyz edebi – il edebi», «Gyz edebi – ahlak arassallygy», «Gyz edebi – ahlak gözelligi», «Gyz edebi sandykda» ýaly temalar boýunça wagyz-nesihat duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigini belläp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty