tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

“Dünýe sözi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin gyz hem bolmasa” atly dabaraly çäre geçirildi

07.03.2026

787

“Dünýe sözi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin gyz hem bolmasa” atly dabaraly çäre geçirildi

  Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň meýilnamasyna laýyklykda etrap derejesinde göreldeli zähmet çekýän zenanlaryň arasynda dabaraly çäre geçirildi. Etrap bilim bölümi tarapyndan we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan göreldeli zähmet çekýän zenanlara hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda, Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow tarapyndan ýerine ýetirilen birnäçe aýdymlar diňlendi.

Dabaraly çärede Etrap maliýe ykdysady orta hünär mekdebiniň talyplarynyň  ýerine ýetirmeginde çykyşlara hem tomaşa edildi. Bäsleşigiň dowamynda zenanlar unaş kesmek, ene hakynda goşgular ýerine ýetirmek, sahna janlandyrmak ýaly dürli şertler esasynda bäsleşdiler.

Etrabyň göreldeli zähmet çekýän zenanlarynyň arasynda geçirilen bu dabaraly çäre gyzgalaňly, çekeleşikli geçdi.

Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni

Ä.Hanalyýewa

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz