tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

«Zenan — Zeminiň zynaty» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

09.03.2026

439

«Zenan — Zeminiň zynaty» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Bäsleşikde eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, baş baýraga Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, «Zenan kalby» žurnalynyň öz habarçysy Keýik Umarowa, 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, maýor Aknur Rozyýewa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy Maksuda Töräýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty Aýsenem Gurbanowa, 2-nji orna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nurgözel Saparowa, Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy Mahym Rozyýewa, Kaka etrabyndaky Anna Garaýew adyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Gülzada Gowşudowa, 3-nji orna Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň mugallymy Maýagözel Saparmuhammedowa, «Watan» gazetiniň uly habarçysy Mahym Begliýewa, Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy Jänegül Gurbanowa mynasyp boldular.

Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda Hormat haty we sowgatlar gowşuryldy.

 

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti

 

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz