tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

10.03.2026

72

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

9-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Halkara çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, şeýle-de Italiýa Respublikasynyň hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň goldawy bilen guraldy.

Okuw maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň we döwlet gullukçylarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, özara tejribe alyşmaga, sebitdäki möhüm meseleleri çözmekde diplomatik tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurtda akkreditirlenen daşary döwlet diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen ýaş diplomatlar we döwlet gullukçylary, Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we eýýäm öz netijeliligini görkezen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogyna aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu dialogyň nobatdaky duşuşygy şu okuw maslahatynyň çäklerinde geçiriler we ol sebitiň öňdebaryjy ýaşlarynyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam berer.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz