

Täzelikler
97

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde mugallymlardyr, talyplarynyň gatnaşmagynda nebitgaz pudagynyň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrylmagy häzirki döwrüňnebit-gaz pudagynda ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary bilen tanyşmaklaryny we öwrenmekleri dogrusynda köp işleri alnyp barylýar. Has takygy talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik bilen utgaşdyrylýar. Ine bu gün hem uniwersitetiň talyplary we mugallymlary bilen Goturdepe käninde göçme okuw sapagy geçirildi.
Goturdepe nebit-gazly kän bolup, ol ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň çäginde, Günbatar türkmen çöketliginiň demirgazygynda, Barsagelmez we Çeleken ýataklarynyň arasynda ýerleşýär.
Talyplar Hytaý Halk Respublikasynyň önümi bolan guýulary düýpli abatlaýyş desgasynyň №1425-nji guýusynda abatlaýyş işlerini geçirýän pursatlaryny ýakyndan öwrenmegi esas edindiler. Göçme okuw sapagyň esasy maksady talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik şertlerinde berkitmekdir.
Mundan başgada Goturdepe käninde nebiti ýygnaýjy desgasyny talyplar synlap, çykarylan nebiti ýitgisiz ýygnamak işinde ulanylýan tilsimatlar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Soňra bolsa,gazlift usulynda işleýan bir gije-gündizde 38 tonna nebit önümini çykarýan №415-nji nebitli guýusynyň işleýiş düzgünini öwrendiler.
Günbatar sebitde nebir-gaz känlerinde nebiti, tebigy we ugurdaş gazlary, gaz kondensatlary çykarmagy, gözleg we barlag, ulanyş guýularyny burawlamagy, ýangyç çig malyny turbageçirijiler arkaly ibermegi, degişli desgalary gurmagy, guýularda düýpli hem-de ýerasty abatlaýyş işleri ýokary zähmet görkezijileri bilen durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, tebigy uglewodorod serişdelerini köp möçberde çykarmak, ýurdymyzyň içerki zerurlyklaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, döwletimiziň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport etmek babatda kuwwatlyklaryny ýokary derejelere göterýär.
Ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmek, ýerasty baýlyklardan rejeli peýdalanmak, şeýle-de daşary ýurtly sarp edijilere diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler pudagyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Bu ugurda gazanylýan her bir zähmet ýeňişi ýurdymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti