tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde halkara hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

11.03.2026

67

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde halkara hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär. Fewral aýynyň dowamynda ýokary okuw mekdebinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sanly ulgam arkaly birnäçe okuw-usuly we ylmy-önümçilik maslahatlary geçirildi. Bu çäreler tejribe alyşmaga we bilim berlişiniň hilini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirildi.

Fewral aýynyň 19-ynda Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň hünärmenleri bilen geçirilen maslahatda Belarusuň kärhanalarynda buhgalterçilik hasabynyň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy çykyşy ykdysady ylymlaryň kandidaty Irina Žurowa etdi. Şeýle hem 26-njy fewralda taraplar ýene-de bir gezek duşuşyp, sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşdäki ähmiýetine, hususan-da, innowasion ugurlara üns berdiler.

Suw serişdelerini netijeli ulanmak meselesi 24-nji fewralda Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri instituty bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Onlaýn duşuşykda Türkmenistanyň suwarymly ýerleriniň şorlaşmasyna garşy göreşmek boýunça toplanan baý tejribesi barada uniwersitetiň kafedra müdiri Rahman Geldiýew gyzykly maglumatlary paýlaşdy.

Tehniki täzelikler hem ünsden düşürilmedi. 25-nji fewralda Şweýsariýanyň «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde «John Deere 6M» kysymly traktorlaryň transmissiýasynyň gurluşy we sazlanmagy barada ýörite sapak guraldy. Maslahata diňe bir talyplar däl, eýsem Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem gatnaşyp, tehnika hyzmat etmegiň inçe tilsimlerini öwrendiler.

Fewral aýynyň jemleýji halkara maslahaty 27-nji fewralda Russiýanyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersiteti bilen weterinariýa ugrunda geçirildi. Biologiýa ylymlarynyň kandidaty Wladimir Zaýsew towuk eýmeriozynyň kliniki aýratynlyklary barada giňişleýin çykyş etdi. Bu maslahatlar geljekki hünärmenleriň dünýä derejesindäki bilimleri özleşdirmeginde möhüm ädim boldy.

Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz