

Täzelikler
42

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde bu ulgama degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Onuň dowamyndaky çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň 6-njy martda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň ähmiýeti barada gürrüň edildi.
Hoşallyk maslahatynda ozal kabul edilen iri maksatnamalaryň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin anyk wezipeleri öňde goýýandygy aýratyn bellenildi. «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda» hem saglygy goraýşyň ylym-bilim we döredijilik kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkara çäreleriň geçirilmegine hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, lukmançylyk işgärleriniň daşary ýurtlara, ugurdaş öňdebaryjy hünärmenleriň ýurdumyza saparlarynyň guralmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Çykyş edenler ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny we ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna-da uly ornuň degişlidigini bellediler.
Maslahata gatnaşyjylar «Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, öňde durýan wezipeler barada aýratyn durup geçdiler.
Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda saglygy goraýyş ulgamynyň ilerledilmeginde täze gözýetimleri açan wajyp resminamalaryň kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti