

Täzelikler
39

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Gurbanmyrat Myradalyýewiň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gao Çženiň başlyklyk etmeginde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Onuň barşynda medeni-ynsanperwer, şol sanda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi hem-de özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Söhbetdeşler soňky ýyllarda geçirilen möhüm ikitaraplaýyn çäreleriň netijesinde bilim, medeniýet, arheologiýa we syýahatçylyk ulgamlarynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berlendigini bellediler.
Taraplar hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» ösüş strategiýasyny «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmak maksady bilen, iki ýurduň halklarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň we özara düşünişmegiň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini bellediler.
Mejlisde nygtalyşy ýaly, ylym we bilim taslamalary, şeýle hem syýahatçylyk we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, köptaraplaýyn diplomatiýa, ilkinji nobatda, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň dokuzynjy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.