

Täzelikler
138

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we hünärmenleri Daşkentde geçirilen Britan geňeşiniň hyzmatdaşlyk sammitine gatnaşdylar. Çäre Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen AELLCA taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Foruma ýurdumyzdan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Nottingem Trent Uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) bilelikdäki taslamasyny hödürledi. Hünärmenler geljekki mugallymlar üçin okuw ulgamyny öz içine alyjy tejribäni durmuşa geçirmegiň netijelerini paýlaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi