

Täzelikler
63

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mart aýynyň 11-ne Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Bilim ministri, Türkmenistanyň Içeri işler ministri, Türkmenistanyň Ýokary Kazyýeti, syýasy we jemgyýetçilik partiýalary tarapyndan tassyklanylan meýilnama laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kanunlaryny düşündirmek, adam söwdasy, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgini berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä Mary welaýatynyň degişli edaralarynyň hünärmenleri gatnaşyp, talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek we nesil terbiýesi meselesinde bilim edaralary bilen ata-eneleriň sazlaşykly hereketlerini ýola goýmak barada täsirli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagmyza, Arkadagly Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi