
Täzelikler
475

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň orta mekdeplerinde şu günler wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Olar jemgyýetçilik guramalary, hukuk goraýjy edaralar we etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde, ýörite meýilnama esasynda guralýar. Etrapdaky 11-nji, 17-nji we 19-njy orta mekdeplerde geçirilen duşuşyklara ýokary synplarda okaýan ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşyklarda milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeler, ahlak kadalary, urp-adatlar barada täsirli gürrüň edildi we ýaşlara maşgala mukaddesligi, edep-ekram, ahlak arassalygy, şeýle-de sagdyn durmuş kadalary bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler berildi.
Çeşme: "Ahal durmuşy" gazeti